Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň geljekki wezipelerini kesgitledi

23:0520.04.2022
0
6256

«Turkmenportalda» habar berşimiz ýaly, şu gün «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, resminamalara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda,

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna daşary ýurtlaryň degişli raýatlaryny kabul etmek;

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň degişli raýatlaryny kabul etmek;

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ХIII mejlisini 2023-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti bu resminamalara ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak, atşynaslyk sungatyny ösdürmek, Ýer ýüzünde atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, assosiasiýanyň agzalarynyň sanyny artdyrmak, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň Müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda gol çekdi.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň