Turkmenportal logo
16.04.22
75587558
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda hyzmatdaşlyk toparynyň täze düzümi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda hyzmatdaşlyk toparynyň täze düzümi tassyklanyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Degişli Resminama «Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen» gol çekildi.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň bu toparyň türkmen tarapynyň başlygy bellenilendigi habar berildi.