Soňky habarlar

Arhiw

Gurbangeldi Sähedow Türkmenistan — Maldiwler duşuşygynyň iň ökde futbolçysy diýlip saýlandy

19:0012.04.2022
0
8358

Türkmen futzalçysy Gurbangeldi Sähedow Türkmenistan bilen Maldiwleriň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda iň tapawutlanan futbolçy hökmünde yglan edildi. Bu barada Gyrgyz futbol bileleşiginiň metbugat gullugy beýan edýär.

Belläp geçsek, şu gün türkmenistanly futzalçylar Maldiw milli ýygyndy toparyndan uly hasap bilen üstün çykdylar. Bişkegiň «Gazprom» sport toplumynda geçen duşuşyk Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hasabyna 7:0 netije bilen tamamlandy.

Mundan ozal sport ýolunda Gurbangeldi Sähedow uly futbol boýunça «Aşgabat» hem-de «Altyn asyr» toparlarynyň düzüminde çykyş edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň