Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-ä ýollanma aldy

20:4712.04.2022
0
10152

Eýranyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky jemleýji duşuşykda gyrgyz ýygyndysyndan üstün çykmagy türkmen futzalçylarynyň yklym ýaryşyna gatnaşjakdygynyň buşlukçysy boldy.

Eýranyň ýygyndysy Merkezi we Günorta sebite degişli «A» toparçanyň ahyrky duşuşygynda ýer eýelerini ― gyrgyz futzalçylaryny 8:1 hasabynda ýeňdiler.

Şeýlelikde, üç duşuşykda 6 utuk toplap bilen Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy toparçada ikinji orny eýeläp, yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Biziň ildeşlerimiz toparçadaky ilkinji duşuşygynda ýer eýelerini 3:1 hasabynda ýeňenden soňra, Eýranyň ýygyndysyndan 0:3 hasabynda asgyn geldiler. Türkmen futzalçylary şu gün geçiren ahyrky duşuşygynda bolsa Maldiwleriň ýygyndysyny 7:0 hasabynda ýeňdiler. Ýokarda agzalan dört ýygyndynyň diňe ikisiniň yklym ýaryşyna gatnaşyp bilýändigini ýatladýarys.

Gyrgyzystanyň ýygyndysy Bişkekde geçirile saýlama tapgyrda 3 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýeledi. Maldiwleriň ýygyndysy bolsa geçiren üç duşuşygynda hem garşydaşlaryndan uly hasaplar bilen utuldy. Şeýlelikde, «A» toparçadan yklym ýaryşyna iki ýollanmany Eýranyň we Türkmenistanyň ýygyndysy eýeledi. Futzalçylarymyz bu üstünlige 37 ýaşly tälimçi Guwanç Kanaýewiň ýolbaşçylygynda ýetdiler.

Saýlama duşuşyklaryň netijesinde mundan ozal Özbegistanyň, Täjigistanyň, Liwanyň, Bahreýniň, Yragyň, Saud Arabystanynyň, Indoneziýanyň, Taýlandyň, Omanyň we Wýetnamyň ýygyndylary yklym ýaryşyna gatnaşmak üçin ýollanma alypdylar. Indi bu sanawa biziň ildeşlerimiz we Eýranyň ýygyndysy hem goşuldy.

Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyry şu ýylyň 25-nji sentýabry ― 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriler. Oňa yklymyň iň güýçli 16 ýygyndysy gatnaşar.

Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň yklym ýaryşyna ýedinji gezek gatnaşjakdygyny habar berýäris. Mundan ozal türkmen futzalçylary 2005, 2006, 2007, 2008, 2010, 2012-nji ýyllarda yklym ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşypdylar.

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysyny bu ajaýyp üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň