Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futzalçylary Maldiwleriň ýygyndysyny uly hasap bilen ýeňdiler

17:4712.04.2022
0
6872

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy şu gün — 12-nji aprelde Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryndaky jemleýji duşuşygyny geçirdi.

Bu duşuşykda biziň ildeşlerimiziň garşydaşy Maldiwleriň ýygyndysy boldy. Türkmen futzalçylary bu oýunda örän üstünlikli çykyş edip, 7:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi we Günorta sebitde geçirilýän saýlama ýaryşynda Gyrgyz Respublikasynyň, Eýranyň hem-de Maldiwleriň ýygyndy toparlary bilen “A” toparçada bäsleşýär.

Her toparçadan ilkinji iki orny eýelän ýygyndy 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik alar.

Üç oýundan soň Türkmenistanyň milli ýygyndysy alty utuk toplady. Gyrgyzystanyň we Eýranyň toparlary hem “A” toparçada oýnaýarlar.

Indi Eýranyň we Gyrgyzystanyň toparlary duşuşar. Eger eýranlylar bu duşuşykda utulmasa, Türkmenistanyň milli ýygyndysy ikinji orundan Aziýa kubogynyň final tapgyryna gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň