Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli esasy dabaralar Balkan welaýatynda geçiriler

23:5111.04.2022
0
6755

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli esasy dabaralar şu ýyl Balkan welaýatynda geçiriler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatynda belläp geçdi.

«Türkmen bedewiniň milli baýramy baradaky meselä ünsi çekip, döwlet Baştutany şu ýyl bu baýramçylygyň esasy dabaralarynyň Balkan welaýatynda giňden guraljakdygyny nygtady hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi» — diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde habar berilýär.

Belläp geçsek, Türkmen bedewiniň baýramy 1992-nji ýyldan bäri her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýär. Bu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy 24-nji aprelde geçiriler. Bu şanly sene ahalteke atlaryna bagyşlanýar. Bu tohum atlary medeni tohumlarynyň iň gadymysy hasaplanýar.

Däp bolşy ýaly, ahalteke atlarynyň milli baýramy ýurduň ähli künjeginde bir wagtda bellenilýär. Emma soňky ýyllarda esasy dabaralar belli bir sebitde geçirilip başlandy. 2020-nji ýylda Türkmenabat şäherinde, 2021-nji ýylda bolsa Mary welaýatynda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň