Soňky habarlar

Arhiw

«Al-Garafa» ― «Ahal» duşuşygynda eminleriň halkara topary işlär

21:1110.04.2022
0
5968

Ýekşenbeden duşenbä geçilen gijede AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji tapgyrynyň çäginde «Ahal» Kataryň «Al-Garafa» topary bilen güýç synanyşar.

«Turkmenportala» mälim bolşy ýaly, bu duşuşykda eminleriň halkara topary işlär. Duşuşygyň baş emini 34 ýaşly FIFA derejeli awstraliýaly hünärmen Şon Ewans bolar. Oňa watandaşy Ouen Goldrik bilen Koreýa Respublikasyndan Pak San Jun ýardam berer. Ätiýaçdaky emin hem koreýaly hünärmen Ko Hýon Jin bolar.

Duşuşyk 11-nji aprel gijesi Aşgabat wagty bilen 01:15-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň