Soňky habarlar

Arhiw

GAR-a çekirtgeleriň ummasyz sürüsi süýşüp gelýär

18:1210.04.2022
0
5780
GAR-a çekirtgeleriň ummasyz sürüsi süýşüp gelýär
Surat: Shutterstock/FOTODOM

Günorta Afrika Respublikasynda çekirtgeleriň “hüjümine” taýýarlyk görýärler. Bu mör-möjekler tiz köpelýärler, şonuň üçin bu gezekki çozuş soňky onýyllykda iň ulusy bolar diýlip garaşylýar diýip, TASS habar berýär.

Respublikanyň oba hojalygy, ýer özgertmeleri we oba ösüşi ministri Anžela Toko Didiza çekirtgeleriň köpelmeginiň 2021-nji ýylyň senýabrynda başlanandygyny habar berdi, bu gün ýagdaý ygalyň köp ýagmagy netijesinde has howply derejä ýetdi. Ministr bu gezekki “çozuşyň” soňky on ýylda iň ýokary derejede boljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Mör-möjekler eýýäm Günbatar Keýp, Demirgazyk Keýp we Gündogar Keýp ülkeleriniň ekin meýdanlaryny hem-de örülerini boşadyp başladylar. Çekirtgä garşy 1200 adamdan ybarat ýörite topar göreşýär, olar bu mör-möjekleriň jemlenen ýerlerini himikatlar bilen zyýansyzlandyrýarlar. Barmasy kyn ýerlerde dikuçarlardan peýdalanylýar.

Çekirtgä garşy göreş üçin hökümet 80 million günortaafrikan rendini (milli pul) bölüp berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň