Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda Wiwaldiniň sazlarynyň konserti geçirildi

10:2910.04.2022
0
4296
Daşoguzda Wiwaldiniň sazlarynyň konserti geçirildi

Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebiniň zalynda Magtymguly Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde meşhur britan kompozitory Maks Rihteriň interpretasiýasy esasynda Antonio Wiwaldiniň ölmez-ýitmez «Ýylyň pasyllary» eseri ýerine ýetirildi.

Konsert mekdebiň mugallymy Öwez Baýlyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Owaz» kamera orkestri tarapyndan ýerine ýetirildi.

Skripkada Nury Halmämmedow adyndaky Halkara sungat festiwalynyň laureaty, mekdebiň mugallymy Hezretylla Reýimbaýew çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň