Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Villeroy&Boch» dükany ýokary hilli gap-gaçlaryň we aşhana enjamlarynyň toplumyny hödürleýär

10:3809.04.2022
2
7727

Paýtagtymyzdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Villeroy&Boch» dükany Villeroy&Boch, Garnier-Thiebaut, WMF, KitchenAid, Llardó, Baccarat we Christofle ýaly dünýä belli haryt-nyşanlarynyň ýurdumyzdaky resmi dileri(söwda wekili) bolup, ýokary hilli gap-gaçlaryň we aşhana enjamlarynyň döwrebap hem kaşaň toplumlaryny hödürleýär.

«Villeroy & Boch» haryt-nyşany 250 ýyldan gowrak taryha eýedir. Kompaniýa 1748-nji ýylda Germaniýada döredildi. Häzirki wagtda bu haryt-nyşanynyň astyndaky önümler dünýäniň 120-den gowrak döwletinde alyjylara ýetirilýär.

«Villeroy&Boch» haryt-nyşanly önümleriň dükany Aşgabatda 2014-nji ýylyň 26-njy dekabryndan bäri hereket edýär. Bu sene «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň açylyp ulanylmaga berlen günüdir. Söwda-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasynda «Villeroy&Boch» dükanyna şol wagt ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelip görmegi dükanyň işgärlerini juda begendirdi.

«Villeroy&Boch» dükanynyň müşderileri bu ýerdäki satyjylaryň tejribesine hem hünärmenlik başarnygyna dolulygyna bil baglap bilerler. Olar ýokary hilli farfor gap-gaçlaryny, aşhana, hrustal we dokma toplumlaryny saýlamakda dükanyň işgärleriniň ýardamyndan peýdalanyp bererler.

  • Salgysy:«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi, 1972-nji köçäniň(Atatürk), 80-nji jaýy;
  • Telefon belgilerimiz:+99312 46 88 00;+99361 86 57 75.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň