Serdar Berdimuhamedow Putiniň çakylygyny kabul etdi, Lebap welaýatynda pisse agajyny oturtmaklyk işjeňleşýär, Döwletjan Ýagşymyradowyň Bellator 277-de garşydaşy üýtgedildi we beýleki täzelikler

10:3709.04.2022
0
16312

1. Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Wladimir Putiniň Russiýa sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny kabul etdi. Prezidentler iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli birek-biregi gutladylar we türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmeklige ymtylyşlaryny tassykladylar.

2. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň ýaşaýjylarynyň arasynda pisse agaçlaryny oturtmak işi barha işjeňleşýär. 30-a golaý hojalygyň hersi 50 we ondan hem köp nahal oturtdylar. Azyndan 7 adam iri oba hojalyk telekeçiligi bilen meşgullanmaga taýýar.

3. Bellator 277-niň başlamagyna 9 gün galanda Döwletjan Ýagşymyradowyň garşydaşy üýtgedildi. Şikes alan we söweşden ýüz öwren amerikaly Toni Jonsona derek Döwletjan Bellatoryň öňki çempiony Rafael Karwalýo bilen tutluşar.

4. Russiýadan Türkmenistanyň meşhur syýahatçylyk ugurlary boýunça gözleg sargytlarynyň paýy 270%-den gowrak artdy. OneTwoTrip analitik hyzmatynyň bilermenleri russiýalylaryň aprel aýynda uçuş üçin sargytlaryny bu ugurlar boýunça mart bilen deňeşdirdiler.

5. Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy Lýuksemburgda geçirilýän Dünýä çempionaty 2022-de çykyşyny 3-nji orunda tamamlady. Ýaryş 3-8-nji aprel aralygynda Kokelşoýer şäherindäki buzly köşkde geçirildi. Türkmen hokkeýçileri Türkiýe, Taýwan, BAE we Lýuksemburg bilen oýunlarda 4 utuk topladylar.

6. Türkmenistanyň Prezidenti obahojalyk we nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçilerini belledi.

7. 23-nji aprelde we 14-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Açyk gapylar güni geçiriler. Ýokary okuw mekdebi ýokary bilim almaga gyzyklanma bildirýänleriň ählisini okuw işi hem-de taýýarlygyň ugurlary bilen tanyşmaga çagyrdy.

8. Eýran howa gatnawlaryna gadaganlygy ýatyrdy. Ýurda girmek üçin ýolagçylar COVID-19-a garşy waksinanyň iki sanjymyny we PZR barlagyň otrisatel netijesini almaly.

9. Gazagystan hem karantin çärelerini gowşatdy. 11-nji aprelden ýurtda howa gatnawlaryna çäklendirmeler aradan aýrylýar. Bu karar ýurtda epidemiologik ýagdaýyň durnuklaşmagy netijesinde kabul edildi.

10. Realme Narzo 50A Prime smartfonyndan başlap, önümlerini toplumlaýyn zarýad berijileri bilen üpjün etmegini bes eder. Bu karar kompaniýanyň 2025-nji ýyla çenli uglerod zyňyndylarynyň nol derejesine ýetmegi maksat edinýänligi bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň