Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty «Açyk gapylar» günlerine çagyrýar

13:5008.04.2022
0
4921
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty «Açyk gapylar» günlerine çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2022-2023-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde we 14-nji maýynda sagat 15:00-da geçiriljek «Açyk gapylar» günlerine çagyrýar.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, «Açyk gapylar» günlerine bu ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylar, şeýle hem esgerler, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Institutyň salgysy: Mary şäheriniň Baýram han köçesiniň 62-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 522) 5-75-10, (+993 522) 5-75-17.

Bu günler ýaşlar ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan okuw-usulyýet, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler, mundan başga-da institutda taýýarlanýan hünärler we taýýarlyk ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyrylar.

Bu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar institut baradaky maglumatlar bilen web saýty arkaly hem tanşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň