Putin Serdar Berdimuhamedowy resmi sapar bilen çagyrdy

16:5408.04.2022
0
12192

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Iki ýurduň ýolbaşçylary diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutladylar hem-de gün tertibindäki ikitaraplaýyn möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda esasanam «Hazar bäşliginiň» çäginde türkmen-rus hyzmatdaşlygyny artdyrmak baradaky teklipler tassyklandy.

Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi sapar bilen çagyrdy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň web sahypasynda habar berlişi ýaly, «Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi» diýlip bellenilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň