Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow: «Türkmenistan Russiýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär»

10:0608.04.2022
0
8380
Serdar Berdimuhamedow: «Türkmenistan Russiýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär»

«Biz Türkmenistanda Russiýa bilen gatnaşyklary gyşarnyksyz ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris» — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini hem-de ýurduň ähli halkyny Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlap iberen Gutlag hatynda aýtdy. Gutlag Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň web saýtynda ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýyllaryň dowamynda ähli ugurlar boýunça diýen ýaly hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň toplanandygyny we gowy netijeleriň gazanylandygyny nygtady.

«Biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Dünýä we sebit derejeli abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň hem-de teklipleriň özara goldanylmagy muňa şaýatlyk edýär» diýlip, Gutlag hatda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynda türkmen-rus söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň hem depginli ösdürilýändigini belläp, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ilerletmek boýunça işleri dowam etmegiň, şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmak üçin hökümet edaralarynyň özara hyzmatdaşlygyny artdyrmagyň zerurdygy babatda pikirini beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany Russiýa Federasiýasy bilen köpasyrlyk taryhy we ynsanperwer gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny, medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň üstünlikli giňeldilýändigini hem-de pugtalandyrylýandygyny nygtap, iki halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardygyny nygtady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Prezident Wladimir Putine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we işinde täze üstünlikleri, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Belläp geçsek, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýola goýuldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň