6-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Wolfowiç Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýolladylar.
«Ol tanymal syýasatçy we döwlet işgäridi. Özüniň uzak we görnükli syýasy ýolunda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, halklarymyzyň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we dostlugynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşdy» diýip, döwlet Baştutany belledi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem, öz gezeginde, Wladimir Wolfowiçiň türkmen halkynyň hakyky dosty bolmak bilen, türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşandygyny nygtap, merhumyň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny beýan etdi.
Ýeri gelende bellesek, RF-niň Döwlet Dumasynyň spikeri Wladimir Wolfowiç Žirinowski türkmen halkynyň ýakyn dosty hasaplanýar. Oňa 2017-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda amala aşyran saparynyň çäklerinde «Hormatly il ýaşulusy» diýen at hem berlipdi.