Türkmenistanyň Prezidenti ilatyň durmuş taýdan goraglygyny mundan beýläk-de güýçlendirmek barada görkezmeleri berdi

15:4606.04.2022
0
10751

Türkmenistanlylaryň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, aýratyn kömege mätäç adamlara hemmetaraplaýyn döwlet goldawynyň berilmegini üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji aprelde ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen baglanyşykly geçiren maslahatynyň dowamynda belläp geçdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Muhammetseýit Sylapowy zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellemek barada degişli Permana gol çekip, oňa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Serdar Berdimuhamedow ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Mundan başga-da, kesp-kärine görä iş gözleýänler bilen iş berijileri utgaşdyrmak işlerini talabalaýyk ýola goýmak, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça sazlaşykly dolandyrmak üçin zerur işleri yzygiderli geçirmek, şäherlerde, etraplarda we obalarda zähmet gorlarynyň hem-de boş iş ýerleriniň hasabaty bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany zähmet gatnaşyklary, zähmete hak tölemek we zähmeti goramak babatda hereket edýän kadalaşdyryjy namalary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, türkmenistanlylaryň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, aýratyn kömege mätäç adamlara hemmetaraplaýyn döwlet goldawynyň berilmegini üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyna ministrligiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemekde hem-de hasaplamakda takyklygy üpjün etmek zerurdygyny, şeýle-de Pensiýa gaznasyna pensiýa gatançlarynyň doly möçberde gelip gowuşmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyryp, täze bellenen ministre birnäçe görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň