Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Italiýa deňiz portlarynyň arasyndaky hyzmaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

12:0905.04.2022
0
8220

Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Neapol şäherinde iş saparynda boldy.

Duşuşygyň çäginde türkmen diplomaty Neapolyň häkimi, Tirren deňziniň Port ulgamynyň merkezi bölüminiň prezidenti, Neapolyň Senagatçylar bileleşiginiň wize-prezidenti we Frederik II Neapol uniwersitetiniň rektory bilen gepleşikleri geçirdi.

Taraplar söwda we ykdysadyýet ulgamynda özara gatnaşyklardan başlap, ynsanperwer ulgamlara çenli ähli ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Port ulgamynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşigiň dowamynda Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty bilen Neapol-Salerno we Kastellammare-di-Stabiýa şäherlerini öz içine alýan Italiýa deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda geljekde bilelikde dürli çäreleri we konfrensiýalary geçirip, ylym we bilim ulgamynda ýola goýuljak ylalaşyklar barada hem pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň