Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda folklor toparlarynyň arasynda bäsleşik geçirilýär

14:3404.04.2022
0
5853

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň aprel aýynda folklor toparlarynyň, şeýle-de tans we döredijilik toparlarynyň arasynda «Berkarar Watanyň folklor sungaty» atly bäsleşik geçirilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Turkmenportal» web saýtymyza habar bermegine görä, bäsleşigiň maksady, türkmen halkynyň baý halk döredijiliginiň, milli folklor mirasynyň hazynasyny has-da baýlaşdyrmak, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň gazananlaryny, hemişelik Bitaraplygynyň halkara syýasy ähmiýetini dünýä ýaýmak, hem-de ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek bolup durýar.

Bäsleşige Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň düzümindäki, şeýle-de pudaklaryň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem çagalar döredijilik toparlary gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşýanlar şahyrana halk döredijiliginiň eserlerini, milli toý däp-dessurlaryny, milli oýunlaryň folklor döredijiliginde beýan edilişini, milli tanslary bäsleşigiň emin agzalaryna hödürlärler.

Folklor çykyşlarynyň dowamlylygy 5–7 minut aralygynda bolup, bäsleşige gatnaşýan folklor toparlarynyň agzalarynyň ýaşy we sany çäklendirilmeýär.

Häzirki wagtda bäsleşigiň etraplarda, şäherlerde deslapky tapgyrlary geçirilýär. Bäsleşige hödürlenýän folklor çykyşlarynyň wideo ýazgysy 2022-nji ýylyň 7-nji apreline çenli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine iberiler.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2022-nji ýylyň 14–15-nji aprelinde Aşgabat şäherinde geçiriler. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň