Şu gün Türkmenistanda mukaddes Remezan aýy (Oraza) başlady. Bu aýda musulmanlar agyzlaryny bekläp, ýagşy düzgünleri berjaý ederler. Ýurduň metjitlerinde ilkinji köpçülikleýin tarawa namazlary okaldy.
Remezan aýynda musulmanlar agyzlaryny bekläp, iýmek-içmekden ýüz öwrerler. Gün ýaşandan soň agşam namazynyň okalmagy bilen agyzlaryny açyp, agyz beklenýän wagta çenli iýip-içip bilerler.
Agyz beklenende gapma-garşylyklardan, ýaramaz häsiýetlerden saklanmalydyr. Oraza tutýan musulmanlar mümkin boldugyça ýagşy işleri we beýleki adamlara kömek etmelidirler. Göwne degşenleri ýaraşdyrmak, öýke-kinäni unutmak bu aýyň sogaply işleriniň biridir.
Musulmanlar üçin Remezan aýy köpden bäri garaşylýan aýlaryň biridir. Bu aý ruhy we beden taýdan arassalanmak aýydyr.
Oraza aýy şu ýylyň 2-nji maýynda tamamlanar.
Şu ýylyň Oraza aýy üçin agyz beklenýän we açylýan wagtlaryny şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz.
Şeýle-de okaň: