Türkmen paýtagtynda ýerleşýän «Aşgabat» we «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezleri gaýtadan işläp başlady.
Egin-eşik, aýakgap, kosmetiki, durmuş enjamlary we öý goşlary dükanlary söwda merkezlerine gelýän myhmanlar üçin gapysyny giňden açdy. Bu barada Turkmenportal söwda merkezleriniň maglumat hyzmatlaryndan habar aldy.
Söwda merkezlerine gelýän raýatlaryň girelgede gyzgynlygy ölçenip, elleri dezinfeksiýa edilýär. Raýatlardan agyz-burun örtügini dakynmak we howpsuz araçägi saklamak düzgünlerini berjaý etmek talap edilýär.
Mundan ozal, söwda merkezlerinde diňe azyk önümleri we hojalyk üçin gerekli bolan himiki serişdeleriniň satuwyny alyp barýan dükanlaryň müşderilere bellenilen wagt aralygynda hyzmat edendigini bellemek gerek.