Meksika bilen ABŞ-nyň ýygyndylary hem dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

06:0031.03.2022
0
2417

Meksikanyň we ABŞ-nyň milli ýygyndylary Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk aldylar.

Demirgazyk Amerikanyň saýlama oýunlarynyň jemleýji tapgyrynda Meksika Salwadory 2:0 hasabynda ýeňip, ikinji ýeri eýeledi. Meksikalylar dünýä çempionatynda yzly-yzyna 8-nji, umumylykda 17-nji gezek çykyş ederler.

ABŞ topary şu gün Kosta Rikadan (0:2) utuldy, iki toparyň hem 25 utugy bar, ýöne amerikalylar goşmaça görkezijilerde üçünji ýeri eýeledi.

Amerikalylar 11-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar. Ýygyndy soňky gezek dünýä çempionatynda 2014-nji ýylda çykyş edipdi.

Kosta Rika topary dördünji orny eýeledi we dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk almak üçin Täze Zelandiýa (Okeaniýanyň wekili) bilen oýnar. Duşuşyk 13-nji ýa-da 14-nji iýunda geçiriler.

Demirgazyk Amerikadan dünýä çempionatyna gatnaşmaga ilkinji hukuk gazanan Kanadanyň ýygyndysy bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň