Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri Hytaýda gepleşik geçirdiler

20:1830.03.2022
0
8563
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri Hytaýda gepleşik geçirdiler
surat: mahr.news

«Türkmenportalda» ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti şu ýylyň 29 – 31-nji martynda Hytaý Halk Respublikasynda gulluk iş saparynda bolýar.

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri şu gün Hytaýda Owganystan bilen baglanyşykly duşuşygyň çäginde gepleşik geçirdiler.

«Mehr» habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Eýranyň daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian türkmen kärdeşi Raşid Meredowy iki ýurtda-da bellenilýän Nowruz baýramy bilen gutlady.

Şeýle hem eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdy dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek başlangyjy esasynda 12-nji martda üstünlikli geçirilen Prezident saýlawlaryna we onuň netijesine ýokary baha berdi.

– Jenap Gurbanguly Berdimuhamedow paýhasly başlangyjy öňe sürdi. Onuň syýasy tejribesi we garaýyşlary öwgä mynasypdyr – diýip, Eýranyň baş diplomaty belledi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow eýranly kärdeşine gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ozal gazanylan ylalaşyklar we olaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň