Türkmen wekiliýeti Hytaýda saparda bolar

21:3228.03.2022
0
8926

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygyna we Owganystanyň goňşy ýurtlary+Owganystan dialogynyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 29 – 31-nji martynda Hytaý Halk Respublikasynyň Huanşan şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Halkara habar beriş serişdelerinde berilýän maglumatlara görä, 2022-nji ýylyň 31-nji martynda Hytaýyň Tunsi şäherinde geçiriljek ministrler maslahatyna Russiýanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň wekiliýeti gatnaşar.

Duşuşykda Owganystana ynsanperwer we sosial-ykdysady kömek üçin sebitleýin tagallalary utgaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Mundan başga-da, taraplar Owganystanyň çäginden ýaýran terrorçylygyň we neşe söwdasynyň howplaryna garşy durmak üçin çemeleşmeler barada pikir alşarlar.

Maslahatyň çäginde Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen «Talyban» hereketiniň wekiliýetiniň arasynda gepleşik geçirmek meýilleşdirilýär.

Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň birinji duşuşygy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistanda, ikinji duşuşygy bolsa geçen ýylyň oktýabrda Eýranda geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň