Owganystanyň demirgazagynda ýerleşýän Jowuzan welaýatynda Türkmenistandan we Gazagystandan ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen ýükler 6 müň maşgala paýlanyldy. Bu barada «The Kabul Times» habar berýär.
Owganystanyň tebigy heläkçilikleri dolandyrmak baradaky ministriniň orunbasary Mawlawi Şarafuddin Muslim Türkmenistandan, şeýle-de Gazagystandan ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen ýükleriň welaýatda gurakçylyk sebäpli mätäçlik çekýän maşgalalara paýlanandygyny gürrüň berýär.
«Ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen azyk önümleri, şol sanda un we konditer önümleri mätäç adamlara paýlandy» diýip, Mawlawi Şarafuddin Muslim öz çykyşynda belläp geçýär.
Owganystanyň ýaşuly adamlary ynsanperwerlik kömekleriň iberilmegi ýurtda bolup geçýän kynçylykly ýagdaýlarda uly ýardam berýändigini aýtýarlar.