Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan ugradylan ilkinji konteýner otlusy Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa geldi

19:3025.03.2022
0
65275

Türkmenistandan ugradylan ýükli konteýnerler Gazagystanyň çäginden geçip, Hytaýa bardy. Bu barada «KTZ» metbugat gullugy habar berdi.

Gips ýüklenen 42 sany, her biri 40 futluk konteýnerler Akýaýla stansiýasyndan (Türkmenistan) badalga alyp, 4150 kilometrlik ýoly geçip, barmaly menziline ýetdi. Serhetýaka — Bolaşak serhet geçelgelerinden Altynköl — Horgoşa çenli gidýän we 3450 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu ýoluň Gazagystanyň çäginden geçýän bölegini geçmek üçin 5 gün wagt gerek boldy. Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäginden geçýän ilkinji gury konteýner otly gatnawy «Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Gazagystanyň «KTZ Express» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy.

— Geljegi uly gury ýer ugrundaky täze aragatnaşyk Türkmenistanyň we Gazagystanyň demir ýol pudaklarynyň arasynda hyzmatdaşlyga goşmaça mümkinçilikleri açýar. Geljekde ýük akymlarynyň mukdaryny artdyrmak meýilleşdirilýär. Konteýner otlusynyň gatnawy yzygiderli dowam eder — diýip, «KTZ Express» paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy Nurlan Igembaýew aýdýar.

Türkmenistandan Hytaýa konteýner gatnawynyň işe girizilmegi 2014-nji ýylda işe başlan Demirgazyk—Günorta halkara demir ýol gatnawlarynyň biri bolan Gazagystan—Türkmenistan—Eýran demir ýolunyň işlemegi netijesinde mümkin boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň