Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow 10 çagaly maşgala bilen gürrüňdeş boldy

14:4725.03.2022
0
5012

«Turkmenportal» web saýtymyzda ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň sürüjisi Ýazmyrat Çüliýew döwlet Baştutanyndan täze jaýyna hormatly myhman hökmünde gelmegini haýyş etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow täze öýe girip, maşgala agzalaryny täze jaý bilen gutlap, otaglaryň ýerleşdirilişi, bu ýerde maşgala agzalary üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Täze jaýy synlan mahalynda Türkmenistanyň Prezidenti çagalar bilen söhbetdeş boldy. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän goşgulary joşgunly ýerine ýetirdiler.

Täze jaýa göçüp baran köp çagaly maşgalanyň agzalary ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen Liderine hoşallygyň nyşany hökmünde däp bolan toý düwünçegini gowşurdylar.

Döwlet Baştutany maşgala agzalaryny täze jaýlary bilen ýene bir gezek gutlap, olara abadançylyk, bagtly durmuş arzuw edip, öý eýelerine toý sowgatlaryny gowşurdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow täze öýe göçüp baranlaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyny bu ministrligiň ýanyndaky Gurluşyk birleşigi amala aşyrdy. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň