Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda heläkçilige uçran uçaryň halas ediş işleri togtadyldy

14:0323.03.2022
2
5406
Hytaýda heläkçilige uçran uçaryň halas ediş işleri togtadyldy
Foto: ria.ru

Hytaýyň günortasynda China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň heläkçilige uçran Boeing 737 ýolagçy uçarynyň gaçan ýerinde geçirilýän gözleg-halas ediş işleri ýagynlar sebäpli togtadyldy. Bu barada şu gün ýurduň Merkezi teleýaýlymy habar berdi diýip, RIANowosti habar berdi.

Teleýaýlym uçaryň gaçan ýerinde heniz hem ýangyjyň ysynyň gelip durandygyny habar berýär. Çabgalardan soň diňe bir dereksiz ýitenleri gözlemek işini dowam etmän, bu çäkde drenaž işlerini hem geçirmek meýilleşdirilýär, halas edijileriň sözlerine görä, ýerli toprak suwy köp siňdirip, suw süýşgünleriniň bolan bolmagy mümkin.

Boeing 737 ýolagçy uçary Kunmin-Guançžou ugry boýunça 21-nji martda gatnaw wagty HHR-niň Uçžou şäheriniň Ten uezdinde heläkçilige uçrady. Onuň bortunda 123 ýolagçy we uçaryň ekipažynyň 9 agzasy bardy. 2015-nji ýyldan bäri ulanylyp gelinýän uçaryň heläkçilige uçramagynyň sebäbi heniz habar berlenok.

Hadysanyň bolan ýerinden diri galanlar ýa-da ýolagçylardyr ekipažyň agzalarynyň jesetleri tapylmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň