Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň rektory, akademik Wiktor Sadowniçiý Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesine saýlanmagy bilen gutlady. Gutlag «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Gutlag şeýle sözler bilen beýan edilýär:
«Hut öz adymdan hem-de Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň köp müň adamly toparynyň adyndan Sizi Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşiňiz bilen gutlaýaryn. Bu wezipä saýlanmagyňyz türkmen halkynyň Sizi ýurtda gülläp ösüşe hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga alyp barýan Lideri hasaplaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Syýasy-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda netijeli türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň biziň halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýändigine, sebitde parahatçylyga we durnuklylyga hyzmat edýändigine ynanýaryn. Moskwa uniwersitetiniň bilimi hem-de ylmy ösdürmek işine hemişe saldamly goşant goşjakdygyna Sizi ynandyrýaryn. Biziň işjeň, netijeli hyzmatdaşlygymyzyň Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň köpasyrlyk däplerini baýlaşdyrmaga hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, kuwwatly we gülläp ösýän Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine işiňizde üstünlik arzuw edýärin!».