Ýewropa ligasynda çärýek finalçylar belli boldy

14:3918.03.2022
0
4857

Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynda üstünlik gazanyp, ýaryşy dowam etdirjek toparlar belli boldy. Olar «Leýpsig», «Atalanta», «Reýnjers», «Braga», «Barselona», «Aýntraht», «West Hem» we «Lion» toparlarydyr.

Ýaryşda çärýek finalyň bijeleri 18-nji martda Nýon şäherinde (Şweýsariýa) çekiler. Bije çekişlik Aşgabat wagty bilen sagat 17:30-da başlar.

Çärýek finalyň ilkinji duşuşyklary 7-nji aprelde, jogap oýunlary 14-nji aprelde geçiriler.

Ýaryşyň final duşuşygyny 18-nji maýda Sewilýa şäherindäki «Ramon Sançes Pishuan» stadionynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýewropa ligasynyň häzirki çempiony Ispaniýanyň «Wilýarrealydyr».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň