2021-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlup ulanylmaga berlen dokma toplumlarynda «Jeýtun» we «Mäne» markaly dokma önümleri öndürilýär. Kakaly dokmaçylar tikin önümçiligine – nusgawy we sport eşikleriniň — erkek köýnekleriniň, «çinos» görnüşli jalbarlaryň, çaga jalbarlarynyň we köýnekleriniň önümçiligini ýola goýdular. Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumynda bolsa ýorgan-düşek toplumlarynyň önümçiligi artdyrylýar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, döwrebap dokma toplumlary egirmegi, dokamagy, boýamagy we tikmegi öz içine alýan iň täze tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen inçe süýümli pagta olar üçin çig mal binýady bolar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň dokma toplumlarynda «Goza», «Wada», «Bedew», «Nusaý», «Gala», «Arwana», «Bürgüt», «Ýeňiş», «Ak pamyk» haryt nyşanly önümler öndürilýär.
Dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklaryndan biridir. Häzirki wagtda bu pudakda 70-den gowrak kärhana iş alyp barýar. Olaryň düzüminde iri dokma toplumlary, pagta egriji we dokma kärhanalary, tikinçilik fabrikleri, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalar, aýakgap fabrikleri, derini we ýüňi gaýtadan işleýän zawodlar bar.
Belläp geçsek, Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli dokma senagatynda 30-dan gowrak taslamany durmuşa geçirmek üçin, 300 million ABŞ dollaryndan gowrak serişde goýbermek meýilleşdirilýär.
Şeýle-de okaň: