Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişe topary bilen Kuweýt Şazadasynyň kubogyna mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, ol häzirki wagtda «Al-Arabi» toparyna tälim berýär.
«Al-Arabi» «Kuweýt SC» toparyndan penaltilerden soň üstün çykdy — 5:4. Oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.
Fewral aýynda «Al-Arabi» toparynyň Kuweýtiň Naýbaşy kubogyna hem eýe bolandygyny ýatladýarys.