Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Ärdogana Türkmenistanyň öňki Prezidentiniň başlan ýoluny dowam etdirjekdigini aýtdy

17:2415.03.2022
0
7021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen Lideri dostlukly döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, Merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.

Şunda döwlet Baştutany işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, öz nobatynda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy giň bäsleşik esasynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Bu saýlawlar Türkmenistanda amala aşyrylýan giň demokratik özgertmeleriň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Söhbetdeşler iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge berk ygrarlydygyny tassyklap, ynanyşmak, hormat goýmak hem-de özara düşünişmek gatnaşyklarynyň köp ugurly, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarda mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmen Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ähli başlangyçlarynda üstünlikler arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentine geçirdi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň täze saýlanan Baştutany Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlaglary we iň gowy arzuwlary üçin Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň öňki Prezidentiniň başlan ýoluny dowam etdirjekdigini, hususan-da, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli çäreleri görjekdigini hem-de ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldajakdygyny aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türk Liderine berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, doganlyk döwletiň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň