Soňky habarlar

Arhiw

Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

16:0815.03.2022
0
14153

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

TDH-nyň habar bermegine görä, söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar.

Prezident Wladimir Putin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýeten Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynyň möhüm tapgyry bolan Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.

Döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Merkezi saýlaw toparynyň 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň ynamly ýeňiş gazanandygyny mälim edendigini belledi hem-de türkmen Lideri şundan ugur alyp, mundan beýläk özüniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjekdigini aýtdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge we bilelikdäki işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde sazlaşykly ösýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejä we netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Şeýle hem şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigi barada aýdyldy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin netijeli döwletara gatnaşyklaryň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Soňra türkmen Lideri telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

Prezident Wladimir Putin Türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti öz tarapyndan gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin Russiýanyň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam etmäge taýýardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda taryhy taýdan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn däbiniň kemala gelendigi bellenildi. Bu bolsa uzakmöhletleýin, ikitaraplaýyn bähbitlere, döwletara gatnaşyklaryň degişli strategiýasyna doly gabat gelýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň