Aşgabatdan Moskwa ýene bir ýörite uçuş amala aşyryldy

22:3514.03.2022
0
43767

Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan ýene bir ýörite uçuşy gurady . Bu barada rus ilçihanasynyň resmi web saýty habar berdi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň «Boeing-757» uçary 161 ýolagçyny Aşgabatdan Moskwa şäheriniň Domodedowo halkara howa menziline alyp bardy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşan halkara synçylar hem bar. Uçar Moskwa şäherine gündiz sagat 11:50-de gondy.

Şeýlelikde, pandemiýa döwründe Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan 39-njy ýörite uçuş amala aşyryldy. Olaryň 38-njisi 9-njy martda bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň