Soňky habarlar

Arhiw

«Şagadam» Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň goragçysy bilen şertnama baglaşdy

12:4214.03.2022
0
3240

Soňky ýyllarda Aşgabadyň «Altyn asyrynda» futbol oýnan 33 ýaşly goragçy öňde duran täze futbol möwsüminde «Şagadamyň» düzüminde çykyş eder. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Meýdanyň merkezinde ― ýarym goragda hem çykyş edip bilýän futbolçyny «Altyn asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew soňky ýyllarda gyraky goragçy hökmünde ulandy. Gurbangeldi Batyrow «Altyn asyrdan» ozal «Nebitçi» we HTTU toparlarynda hem futbol oýnady. Ol Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hem agzasydyr.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» topary geçen ýyl ýurdumyzyň futbol çempionatynda geçiren 14 duşuşygynda toplan 21 utugy bilen 3-njy orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň