Türkmenistanda ýakynda geçirilen Prezident saýlawlaryndan soň sesleri sanamak işi dowam edýär. Olaryň netijesi 14-nji martda yglan ediler. BU barada «MIR 24» Merkezi saýlaw toparyna salgylanyp habar berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralaryndaky saýlaw uçastoklarynda hem sesleriň sanalmagy dowam edýär, olar wagt guşaklygynyň tapawudy sebäpli gijikdirilýär.
Döwlet Baştutanynyň wezipesi üçin dokuz dalaşgär bäsleşdi. Has takygy welaýatlaryň her birinden we Aşgabatdan bir hem-de üç sany syýasy partiýadan ― jemi dokuz dalaşgär bäsleşdi.