Arhiw

Buharestden 282 watandaşymyz Türkmenistana getirildi

22:5410.03.2022
0
18454

Şu gün «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçary Rumyniýanyň paýtagty Buharestden Türkmenabat şäherine ýörite uçuşy amala aşyrdy. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.

«Boing-777» kysymly uçarda 282 adam geldi. Olar bu ýurduň ýokary okuw jaýlaryny tamamlan talyplar we şol ýerde bolup ýören Türkmenistanyň raýatlarydyr. Olar dünýäde koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagy zerarly ýurtlaryň arasyndaky gatnawlaryň wagtlaýyn togtadylandygy sebäpli öz ýurtlaryna gaýdyp bilmändiler.

Olar degişli lukmançylyk barlagyndan geçirildi we karantine ýerleşdirildi.

Uçuş Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda amala aşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň