Ýaş suratkeşler sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýärler

0
938
Ýaş suratkeşler sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýärler

Aşgabat, 25.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Bagtyýarlyk göreldesi — sagdyn durmuş ýörelgesi» atly döredijilik bäsleşigini geçirdiler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademýasynyň sergiler zalynda bu bäsleşigiň jemi jemlendi.

«Bagtyýarlyk göreldesi — sagdyn durmuş ýörelgesi” ady bilen guralan bäsleşigiň jemi boýunça birinji orna Derýa Mämmetgulyýew bilen Gülaýym Jumaýewa, ikinji orna Mähri Çaryýewa bilen Enebaý Allaýarowa, üçünji orna Myratmergen Kulyýew bilen Güljemal Mämmäýewa mynasyp boldy.

Ýeňijileriň hemmesiniň Türkmenenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarydygyny ýatladýarys.

Ýäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlaryň eýeleri gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň