Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen demir ýollarynda ýük wagonlaryň ugruny anyklamak hyzmaty ýola goýuldy

18:4208.03.2022
3
13063

Demirýol ulag ulgamy arkaly ýük daşamaga isleg birdirýänleriň sanynyň gün-günden artýandygyny göz öňünde tutup, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu hyzmatyň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek we hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen eýeçiligiň görnüşine garamazdan edara görnüşli hem-de telekeçiligiň hususy bölümçelerinde ýükleri daşamak bilen meşgullanýan ähli müşderilere goşmaça ýük wagonlaryň ugruny anyklamak hyzmatyny hödürleýär. Bu barada edaranyň resmi saýtynda habar berildi.

Bu hyzmat her bir müşderä öz ýüküniň barýan ugryny anyklamaga hem-de ýüküň ýagdaýy baradaky maglumatlary almaga, bu bolsa öz gezeginde müşderileriň gyzyldan gymmatly wagtyny tygşytlamaga ýardam berer.

Nyrhnamalar

T/B Hyzmatlaryň görnüşleri(Bellenilen çäkler) Bir wagony günde bir gezek habar bermegiň GBüS-li bahasy manatda.
1 1 wagondan – 5 wagona çenli habarbermek. 4.21
2 6 wagondan – 40 wagona çenli habarbermek. 0.70
3 41 wagondan – 160 wagona çenli habarbermek. 0.41
4 161 wagondan – 280 wagona çenli habarbermek. 0.18
5 281 wagondan – 400 wagona çenli habarbermek. 0.15
6 401 wagondan – 520 wagona çenli habarbermek. 0.14
7 521 wagondan – 640 wagona çenli habarbermek. 0.13
8 641 wagondan – 1000 wagona çenli habarbermek. 0.12
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň