Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy

23:4406.03.2022
0
14375

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, ýangyç mazudyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, Serbiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, reňklenen tüýjümek önümler we buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 34 million dollaryndan gowrak boldy.

BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 30 million 145 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi we el halylaryny satyn aldylar.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 2 million manatlyga golaý bolan «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň