Arhiw

Daşoguz welaýatynda ýeralma ekişine girişildi

10:5002.03.2022
0
479
Daşoguz welaýatynda ýeralma ekişine girişildi

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bahar paslynyň ilkinji gününde ak arzuwlar bilen ýeralma ekişine guramaçylykly girişdiler. Gök hem bakja önümçiliginde jogapkärçilikli möwsümiň başlanmagy mynasybetli, Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň, bu ugurda iş alyp barýan ýer eýeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda welaýat derejesinde maslahat geçirildi.

2022-nji ýylda Daşoguz welaýaty boýunça 8 müň 800 gektar meýdana ýeralma ekmek hem-de şonça ýerden 123 müň 200 tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, saçaklaryň berekedi bolan bu azyklyk önümiň ekişine «Zehin açary» daýhan hojalygynyň ekin meýdanynda badalga berildi. Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde iş ýöredýän bu daýhan hojalygy boýunça şu ýyl 512 gektar meýdana ýeralma ekmek meýilleşdirilýär. Ekiş meýdanynda dürli görnüşli oba hojalyk gurallarynyň, şeýle-de amaly-haşam sungatynyň işleriniň sergisi guraldy. Şu ýerde il sylagly ýaşulular geljekki hasylyň bereketli bolmagyny dileg edip, ýere ilkinji tohumlary taşladylar, ýaz ýaraşykly işlere ak pata berdiler. Soňra ýeralma ekişi üçin ýöriteleşdirilen tirkegli traktorlaryň uzyn hatary giň meýdany aralap ugrady.

Belläp geçsek, demirgazyk sebitiň ýer eýeleriniň baharyň ilkinji gününde ýazlyk sogan ekişini doly tamamlamagy hem ýagşy niýetler bilen başlanan täze işleriň zähmet joşgunyny artdyrdy. Şu ýyl welaýat boýunça 2 müň 200 gektar ýerde sogan ekildi. Agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli ekiş geçirilen şonça meýdandan 55 müň tonna hasyl öndürmek göz öňünde tutulýar. Ady agzalan «Zehin açary» daýhan hojalygynda hem 41 gektar meýdana ýazlyk sogan ekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň