Arhiw

«TikTok» wideolaryň dowamlylygyny 10 minuda ýetirdi

17:2001.03.2022
0
4989
«TikTok» wideolaryň dowamlylygyny 10 minuda ýetirdi
Surat: ferra.ru

«TikTok» platformasy ilkibaşda gysga göwrümli wideorolikler üçin niýetlenen hem bolsa, soňra ol kem-kemden ýerine ýetirýän işini özgertdi. Muňa mysal edip geçen ýyl platformada ýüklenilýän wideolaryň dowamlylyk mümkinçiligi 3 minuda ýetirilen bolsa, indi onda goýulýan kontentleriň dowamlylygynyň 10 minuda ýetýändigini görkezmek bolar. Köp sanly ulanyjylar eýýäm bu täzelikden habardar boldular.

Işläp taýýarlaýjylaryň belleýşi ýaly, «TikTok-da» wideorolikleriň dowamlylygynyň uzaldylmagy Ýer ýüzi boýunça ondan peýdalanýanlaryň döredijilik mümkinçiliklerini has-da baýlaşdyrar diýip, ferra.ru saýty habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň