Soňky habarlar

Arhiw

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Benfika» bilen «Aýaks» utuk paýlaşdy

11:1324.02.2022
0
2890

UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň birinji oýunlarynyň çäginde Benfika bilen Aýaks duşuşdy.

Çekeleşikli geçen oýun 2-2 deňlikde tamamlandy. Myhman topar 18-nji minutda Duşan Tadiçiň owadan goly bilen öňe saýlandy. 26-njy minutda ýaryşyň iň netijeli hüjümçisi Sebastian Haller topy ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden geçirdi. Ýöne ol 3 minutdan soň topy hakyky geçirmeli derwezesinden geçirip, toparyny öňe çykardy. Ýer eýeleri 72-nji minutda Roman Ýaremçugyň goly bilen hasaby deňlemegi başardy.

Şu möwsümde 22 gol geçiren Aýaks 1995/96 hem-de 2018/19 möwsümlerindäki öz rekordyny gaýtalady. Şeýle-de Sebastian Haller Çempionlar Ligasynda ilkinji 7 duşuşygynda gol geçiren ilkinji futbolçy bolmagy başardy. Bu ugurda ozalky rekord 5 oýun bilen Erling Holann, Del Piero hem-de Diego Kosta degişlidi. Aýaksyň goragçysy Daleý Blind UÇL-de 43-nji gezek meýdança çykyp, Ýari Litmaneniň kluba degişli rekordyny täzeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň