Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy gazanmak baradaky tagallalaryny goldaýar

19:4522.02.2022
0
4653

Russiýa Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy gazanmak ugrundaky halkara tagallalaryna goşýan goşandyna ýokary baha berýär. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçirilen gepleşiklerde aýtdy.

«Biz Aşgabadyň Owganystanda we onuň töwereginde parahatçylygy gazanmak ugrundaky umumy halkara tagallalaryna yzygiderli goşýan goşandyny goldaýarys» diýip, Lawrow Moskwanyň we Aşgabadyň Owganystanyň terrorçylykdan we neşe howpundan azat parahatçylykly, garaşsyz, bitarap döwlet hökmünde ösmegine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

6 aý ozal Owganystanda güýç çalşygy bolupdy. Türkmenistan şondan soň eýýäm iki gezek Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratdy. Mundan başga-da, Aşgabat Hyraty we Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny arzan bahadan elektrik togy bilen üpjün etmesini kesmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň