Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Koreýanyň gümrükçileriniň arasynda wideomaslahat geçirildi

17:2422.02.2022
0
8258

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň gümrükçileri «Bir penjire» ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine bagyşlap özara wideoaragatnaşyk duşuşygyny geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Iki ýurduň gümrük gullugynyň wekilleri ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişine görä, bu gepleşikleriň çäginde «Bir penjire» ulgamyna aýratyn ähmiýet berildi.

Türkmenistan we Koreýa gümrük gözegçiligini gowulandyrmak, awtomatlaşdyrmak, oňa tehnologiýalary ornaşdyrmak we sanly ulgama geçmek babatda iki ýurduň tejribesini öwrendiler. Onlaýn görnüşde geçen maslahatyň dowamynda şunuň bilen baglylykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň