Döwletjan Ýagşymyradow indiki geçirjek tutluşyklary barada gürrüň berdi

20:2120.02.2022
0
15673
Döwletjan Ýagşymyradow indiki geçirjek tutluşyklary barada gürrüň berdi
Surat: 10 Play

Garyşyk söweş sungatynyň türgeni, türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow MMATIKA ýaýlymyna indiki geçirjek tutluşyklary barada gürrüň berdi.

Türgen «YouTube» platformasyndaky öňdebaryjy wideoblog kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Remezan baýramyna çenli tutluşyk geçirmek isleýändigini belläp geçdi. Şeýle-de, ol ortaça her 3 aýdan tutluşyk geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtmak bilen, bu möhletiň özi üçin laýyk boljakdygyny nygtady.

Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylda «Bellator» guramasy bilen şertnama baglaşdy we bu ugurda geçirilýän duşuşyklarda çykyş eden ilkinji türkmen türgeni boldy. Ol özüniň bu guramadaky iki tutluşygyny hem 2021-nji ýylda geçirdi.

Onuň ilkinji duşuşygy ýarym agyr agram derejesinde geçýän Gran-pride Kori Andersona garşy bolupdy. Anderson bu duşuşykda 3-nji döwde nokaut bilen ýeňdi. Oktýabr aýynda bolsa Ýagşymyradow Karl Albrektsson bilen tutluşyp, emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine laýyklykda, garşydaşyndan asgyn geldi. Ol häzire çenli garyşyk söweş sungatynda 18 ýeňiş gazanyp, 7 gezek ýeňildi, şeýle-de, 1 tutluşygy deňlikde tamamlady.

32 ýaşly türgen Russiýanyň ACB guramasynyň çempiony bolmagy başardy (2018 ý.), şeýle-de, ACA ligasynda çempionlyk derejesini gorady (2019 ý.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň