Soňky habarlar

Arhiw

Norwegiýa 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda möhletinden öň öňdäki orny eýeledi

18:3619.02.2022
0
5595

Norwegiýanyň olimpiýa ýygyndy topary Pekinde geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlarynyň tamamlanmagyna bir gün galanda medal sanawynda öňdeligi eýeledi. Ýaryşyň soňky gününiň öň ýanynda Norwegiýanyň ýygyndy topary jemi 35 medal bilen beýleki bäsdeşleri üçin elýetmez boldy.

Bu döwletiň türgenleri 2022-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda 15 altyn, 8 kümüş hem-de 12 bürünç medal gazandy.

Altyn medallaryň sany boýunça ikinji ýeri Germaniýa eýeledi, ýurtda jemi 10 altyn medal bar.

Olimpiýa oýunlarynyň hormat münberine bolsa eýýäm 29 ýurduň wekiline çykmak başartdy.

Pekinde geçirilýän 2022-nji ýylyň XXIV gyşky Olimpiýa oýunlary 20-nji fewralda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň