Soňky habarlar

Arhiw

Turkish Airlines Türkmenbaşydan Stambula ýörite uçuşy amala aşyrar

16:5518.02.2022
0
15446

2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkiýäniň Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça ýene bir ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Atavatan Türkmenistan» web saýtynda habar berilýär.

Nobatdaky guralýan ýörite uçuşdan Türkmenistana wagtlaýyn gelýän rus raýatlary hem peýdalanyp bilerler. Degişli bildiriş Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň Telegram sahypasynda ýerleşdirildi.

Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň dowamynda beýleki ýurtlar bilen birlikde, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny bellemek gerek.

Ozal habar berşimiz ýaly, Stambul — Türkmenbaşy — Stambul aralygyna guralan ýörite uçuş 2022-nji ýylyň 13-nji fewralynda amala aşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň