Türkmenistan Halkara zähmet guramasy bilen gatnaşyklary güýçlendirýär

20:4516.02.2022
0
4632

16-njy fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Halkara zähmet guramasynyň Zähmet kadalary departamentiniň direktory Korinn Warga bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini nygtadylar. Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň agzasy bolmak bilen, öz durmuşa geçirýän syýasatynda hemmelere mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygy üçin şertleri döretmäge ygrarlydygy barada bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň halkara konwensiýalara we ylalaşyklara, şol sanda HZG-nyň resminmalaryna goşulmagy boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bu guramanyň düzgünleriniň umumy ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini milli kanunçylyga ornaşdyrýar.

Bu ugurda Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli maksatnamasynda HZG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň