Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Azerbaýjana girmäge rugsat berlen ýurtlaryň sanawyna girdi

14:4016.02.2022
0
26129

Türkmenistanyň raýatlary Azerbaýjan Respublikasyna howa arkaly girip bilýän ýurtlaryň sanawyna goşuldy.

Azerbaýjan hökümetiniň karary bilen, 17 ýurduň raýatlaryna we bu ýurtlarda hemişelik ýaşaýan daşary ýurtlulara, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlara ýurda howa ulaglary arkaly girmäge we çykmaga rugsat berilýär. Bu barada Interfaks Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadowyň 15-nji fewralda gol çeken kararyna salgylanyp habar berýär.

Sanawda Türkmenistandan başga-da, Albaniýa, Wenesuela, Hindistan, Indoneziýa, Eýran, Kolumbiýa, Filippinler, Moldowa, Pakistan, Peru, Täjigistan, Taýland, Tunis, Özbegistan ýaly ýurtlar hem bar.

Ýadyňyzda bolsa, mundan öň Angliýanyň Türkmenistanyň raýatlarynyň girmegi üçin koronawirus çäklendirmelerini ýatyrýandygyny habar beripdik.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň